1-nji maýdan başlap, Tailandyň polisiýasynyň immigrasiýa býurosy daşary ýurtly syýahatçylary ýurda gelmezlerinden ozal, bildiriş üçin onlaýn tertipdäki formany doldurmaga borçly eder. Bu barada edaranyň resmi web saýtynda habar berildi. Tailandyň Immigrasiýa býurosy syýahatçylaryň ýurda girişini ýeňilleşdirmek maksady bilen, Tailanda baranlygyň hakda sanly karty (Thailand Digital Arrival Card) işläp taýýarlady. Habarda bellenilmegine görä, Tailand Patyşalygyna gelýän ähli daşary ýurt raýatlar ýurduň çägine girmezlerinden ozal, TDAC formasyny onlaýn tertipde doldurmalydyrlar. Formany tdac.immigration.go.th web salgysy arkaly saparyňa üç gün galanda doldurmaly. Formany doldurmak üçin pasportyňyz ýa-da ýol biletiňiz, şeýle hem uçuş baradaky maglumatlaryňyz, gelýän senäňiz we ýaşajak ýeriňiz baradaky maglumatlary gerek bolar. Şeýle-de adyňyzy, doglan senäňizi we raýatlygyňyzy hem görkezmeli. Şahsy maglumatlaryňyz doldurylandan soň, immigrasiýa býurosy size elektron poçta arkaly hat ugradar we bu haty ýurda geleniňizde görkezmeli bolar. Polisiýanyň bellemegine görä, TDAC formasyny doldurmak hökmanydyr – bu forma bolmasa, immigrasiýa işgärleri syýahatçynyň ýurda girişini resmileşdirip bilmeýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir