Infinix kompaniýasy Note 50s 5G+ atly ýakymly ysly smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Enjamyň korpusy ilkinji alty aýyň dowamynda ýeňil ys berýän ýörite mikrokapsulalar bilen enjamlaşdyrylar. Bu barada «Digit» neşiri ýazýar. Infinix Note 50s 5G+ smartfonynyň tehniki aýratynlyklary häzirlikçe aýan edilmedi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň bahasy, takmynan, 234 dollar töweregi bolar. Smartfon üç reňkde hödürlener, emma ýörite hoşboý ys diňe Marine Drift Blue görnüşinde elýeterli bolar. Täze enjamyň tanyşdyrylyşy 18-nji aprele meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir