3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy diňe ykdysadyýet, energetika, tehnologiýa we ulag ulgamlarynda däl, eýsem, medeni we bilim ulgamlarynda-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk ykdysady we energetika üpjünçiligi boýunça möhüm meseleleri öz içine alýar. Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen tehniki hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Ursula fon der Lýaýeni Aşgabatda şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir