3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Döwlet Baştutany sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň geljegi uly “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.