Şu gün, 4-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedow sammitiň barşynda maksatnamalaýyn çykyş etdi. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Mejlisiň barşynda şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso çykyş etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji aprelde iş saparynyň çäklerinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.