Ostindäki (ABŞ) Tehas uniwersitetiniň alymlary çyzylmalara çydamly, ýalpyldyny peseldýän we bugarmagyň öňüni alýan ýakut daşyndan nanogurluşlary işläp düzdüler. Bu açyş smartfonlaryň ekranynyň, optiki linzalaryň we awtoulaglaryň aýnalarynyň berkligini ep-esli ýokarlandyrar diýip, «SciTechDaily» ýazýar. Ýakut daşy örän berk material, ýöne kiçi ölçeglerde işlemek kyn. Professor Çi-Hao Çanyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary bu meseläni çözmek üçin, iň amatly galyňlygy we ölçegleri bolan nanogurluşlary işläp taýýarladylar. Netijede, materialyň tebigy berkligi saklandy we oňa täze aýratynlyklar berildi. Täze gurluşlar ýagtylygyň geçişini gowulandyrýar, şeýle-de üýtgedilen görnüşi sebäpli, şöhläniň serpikdirilişini hem azaldýar. Mundan başga-da aýratyn geometriýasy ýakut daşyna supergidrofil häsiýet berýär, bu bolsa kondensasiýanyň emele gelmeginiň öňüni alýar. Bu tehnologiýa ýagtylygyň güýçli ýerlerinde smartfonlaryň ekranyny has aýdyň görmegi üpjün edip biler. Şeýle-de bu täzelik bugarmaýan linzalarda, şöhlelenmä garşy örtükli kameralarda hem ulanylyp bilner. Awtoulaglarda bolsa, ol hapalanmaga we döwülmäge has çydamly öňdäki aýnalar üçin ulanylar.