Samsung üýtgeşik mümkinçilikleri bolan hojalyk tehnikalaryny hödürledi: tozan sorujylar we kir ýuwujy maşynlar indi gelýän jaňlary alýar we holodilnik TikTok-y goldaýar. Elbetde, täze tehnikalaryň bahalary hem özüne laýyk. Täze Bespoke AI Jet Ultra simsiz tozan sorujy (1099 dollar) batareýanyň zarýadyny, gelen jaňlary we sms-habarlary görkezýän LED ekrany bilen enjamlaşdyryldy. Onuň kuwwaty 400 Wt we işleýiş wagty 100 minuda çenli. Bespoke AI Laundry Combo kir ýuwujy-guradyjy maşyn (3099 dollar) 7 dýuýmlyk duýgur ekrany aldy. Şeýle hem, onuň üsti bilen jaňlary kabul edip, kir ýuwuşyny dolandyryp we ýuwujy serişdeleriň atymyny ölçäp bolýar. Ýuwup bolandan soň gapy awtomatiki açylýar. Flagman Family Hub holodilnigi Samsung TV, TikTok we aşpezlik programmalary üçin goldaw aldy. Onuň 32 dýuýmlyk ekrany tagam taýýarlaýyş usullaryny gözlemäge we göni howurpeje gözükdirme ibermäge mümkinçilik berýär. Şeýle “düşbi” howurpeç eýýäm bar, kompaniýa Bespoke AI Oven-i 2023-nji ýylda hödürläpdi. Ol tagamyň bişiş prosesiniň wideolaryny ýazga alyp (pirogyň bişişini akyma ugradyp bolýar), Samsung Health bilen sinhronlaşyp, berhizler, kaloriýa we sagdyn iýmitlenmek boýunça maslahatlary berip bilýär. Ähli enjamlar AI Home-e birleşip, SmartThings ulgamynyň üsti bilen işleýär. Bu enjamy sesiň bilen dolandyrmaga we habarnamalary almaga mümkinçilik berýär. Täze önümiň kemçilikleri - ekrany bejertmegiň bahasy gymmat düşýär we SmartThings-e baglylygy bar. Hünärmenler tehnologiýanyň amatlydygyny ykrar etseler-de, hojalyk tehnikasynyň we smartfonyň gibridiniň öýi bir uly mahabat tagtasyna öwürmeginden howatyrlanýarlar.