Mansory Lamborghini Urus-yň binýadynda özboluşly Venatus Coupe EVO C kupesini hödürledi. 900 at güýçli iki gapyly wersiýa çäkli mukdarda - bary-ýogy 8 sanysy öndürildi. Ulag tutuk gara reňke boýaldy. Model süýlüp ýasalan karbon elementlerini we haýbatly obwesi aldy. Dizaýnda iki sany yzky ganat, äpet diffuzor, dilikli kapot, giň ganatlar we gyzyl supportaly 23 dýuýmlyk gara tigirler tapawutlanýar. Içki bezegi barada hiç zat aýdylmady, ýöne sekiz awtoulagyň hersiniň aýratyn yzky oturgyçlar we üýtgeşik bezeg ýaly, aýratyn dizaýny aljakdygy mälim. Kapotyň aşagynda 900 at güýji bolan hereketlendirijisi we 1100 Nm torky bar. 100 km / sag tizlige 3 sekuntdanam az wagtda çykýar, iň ýokary tizligi sagatda 323 km. Mansory Urus Coupe dünýäde iň kuwwatly we seýrek týuning-krossowerlerden biridir, ol özünde ekstremal stili we superkaryň häsiýetnamasyny utgaşdyrýar.