2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Döwlet derejesinde sporty ösdürmek üçin möhüm çözgütler kabul edilip, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagallalar edilýär. Myhmanlar Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygyny bellediler. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň sport babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.