Hytaýyň Angang Steel polat öndüriji kompaniýasy 2024-nji ýyly 7,12 milliard ýuan (981 million dollar) möçberinde arassa ýitgi bilen tamamlandy. Bu 2023-nji ýylyň görkezijilerinden iki esse ýaramaz diýip, Bloomberg habar berýär. Angang Steel - dünýäde üçünji uly polat öndüriji. Kompaniýa Hytaýda kyn ykdysady şertler bilen ýüzbe-ýüz bolýar, bu diňe bir gozgalmaýan emläk bilen bagly çökgünlik bolman, eýsem sarp edijiniň isleginiň peselmegi bilen hem baglanyşykly. "Polat guýujy senagat pudagy 2024-nji ýylda bazar şertleriniň barha ýaramazlaşmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar" – diýip, kompaniýanyň Gonkong gazna biržasy üçin beýanatynda aýdylýar. Polada islegiň pes bolmagy ýylyň dowamynda öndürijileriň bergisiniň artdyrmagyna getirdi. Bu pudakda girdejisiz kompaniýalaryň sany rekord derejä ýetdi diýip, Bloomberg belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir