Eplenýän Huawei Pura X smartfony satuwa çykan ilkinji gününde uly gyzyklanma döretdi. Hytaýda bahasy, takmynan, 1000 dollar bolan smartfonyň ilkinji tapgyry bir günüň dowamynda satylyp gutardy diýip, «MyDrivers» ýazýar. Modeliň şeýle meşhur bolmagy internetde çekeleşikleri döretdi. Ilkinji tapgyryň mukdarynyň çäklidigi mälim edildi. Käbir ulanyjylar smartfony çykan güni satyn almandyklary üçin gynandylar. Huawei Pura X dünýäde ilkinji 16:10 ölçegli eplenýän smartfon bolup, açylan wagty ol planşede meňzeýär. Daşky 3,5 dýuýmlyk ekrany 980 × 980 piksel durulyga, 1-den 120 Gs çenli täzeleniş ýygylygyna we 1440 Gs PWM ýagtylyk sazlamasyna eýe. Enjam UTG aýna bilen örtülen we IPX8 derejesinde suwa çydamly. Smartfon hemra aragatnaşygyny goldaýar. Esasy kamera – 50 MP, goşmaça 3,5 esse zumly teleobýektiw we 40 MP giň burçly kamera bilen enjamlaşdyrylan. 4720 mA·sag sygymly batareýasy 66 Wt tiz zarýad berşi we 40 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.