Aston Martin kompaniýasy täze Valhalla giperkarynyň soňky synaglaryny geçirdi. Synaglar Beýik Britaniýanyň ýollarynda we Ispaniýanyň Barselona şäheriniň golaýyndaky synag meýdançasynda geçirildi. Bu barada brendiň metbugat gullugy 31-nji martda habar berip, synaglarda düşürilen suratlary paýlaşdy. Jemi 999 sany awtoulag öndüriler. Önümçilige 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlanylar. Synag wagty inženerler ulagyň işjeň aerodinamikasyny, ruluň dolandyryşyny, tormozlaryny we asma ulgamyny kämilleşdirdi. Awtoulagyň rulunda Le-Man ýaryşlarynyň ýeňijisi we Aston Martin-iň synag sürüjisi Darren Terner bardy. Valhalla brendiň köpçülikleýin önümçiligindäki tokdan zarýad alýan gibrid ulgamy bolan ilkinji modeli boldy. Ulag diňe elektrik energiýasy bilen hem hereket edip bilýär. Giperkar ortada ýerleşýän, goşa turbinaly dört litrlik V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Geçiriş gutusy (karobkasy) – sekiz basgançakly, goşa ssepleniýeli «robot» bolup, ol içerki elektromotor bilen bilelikde işleýär. Şeýle-de öňdäki tekerleriň aralygynda ýerleşýän iki sany elektrikli hereketlendiriji ulagy doly herekete getiriji ulgam bilen üpjün edýär. Ulagyň umumy kuwwaty 1079 at güýjüne (1100 Nm) ýetýär. Iň ýokary tizligi 350 km/sag bilen çäklendirilen, 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär. Giperkar elektrikli režimde bolsa iň ýokary 130 km/sag tizlige ýetip bilýär.