Dell ýanwar aýynda CES 2025 global sergisinde kompaniýanyň yglan eden 14 Plus we 16 Plus seriýaly noutbuklaryny satyp başlady. Seriýa dört modeli öz içine alýar: 14 Plus, 16 Plus we olaryň duýgur ekranly 2-in-1 wersiýasy. Enjamlaryň hemmesi Intel-iň täze Lunar Lake V seriýaly prosessorlary, şol sanda 32 Gb-lyk aýryp bolmaýan RAM bilen iň ýokary derejeli Core Ultra 9 288V bilen işleýär. Esasy komplektasiýasy hem örän güýçli bolup çykdy. Modelleriň ählisi azyndan 1200p durulykdaky IPS ekranlary bilen enjamlaşdyrylandyr. 16 dýuýmlyk displeýli wariantlaryny HDR600 we 90Hz täzeleniş tizligini goldaýan 2.5K mini-LED-li paneller bilen sargyt edip bolýar. Dell öwrenişilen Latitude-den, Inspiron-den we XPS -den ýüz öwrüp, atlandyryş ulgamyny üýtgetdi. Indi noutbuklar has ýönekeý - Plus we Pro diýip bellenýär. Kompaniýanyň sözlerine görä, bu alyjylara saýlamak üçin aňsat bolar. Täze noutbuklar Lunar Lake platformasynyň kömegi bilen ýokary energiýa netijeliligini üpjün eder we batareýanyň özbaşdak işlejek wagtyny uzaldar diýlip garaşylýar. Esasanam, Intel-iň AMD bilen bäsleşligini göz öňünde tutsaň, grafika öndürijiligi hem uly faktor bolar. Bölek satuw zynjyrlaryna gowşuryljak takyk senesi entek belli däl, ýöne modelleriň ählisi eýýäm öndürijiniň web sahypasynda sargyt üçin elýeterlidir.