Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, Premýer-ministri Min Aun Hlaýgna ýurduň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.