NASA 420 mln dollarlyk şertnamalaryny ýatyrmaga mejbur boldy. Bu federal çykdajylary azaltmak üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan döredilen Hökümet netijeliliginiň departamentiniň (DOGE) çözgüdi bilen baglanyşyklydyr. Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky DOGE giň ygtyýarlyklara eýe. NASA-nyň metbugat sekretary Betani Stiwensiň aýtmagyna görä, býujetiň azaldylmagy salgyt töleýjileriň serişdelerini esasy taslamalara gönükdirmäge we agentligiň esasy wezipelerini saklamaga mümkinçilik berer, ýöne DOGE-yň şeýle çözgütleriniň hakyky netijeliligi aç-açanlygyň ýoklugy sebäpli şübheli bolup galýar. Bilermenler agentligiň köp maksatnamalarynyň howp astynda bolup biljekdigini belleýär. Ýatyrylan şertnamalaryň arasynda “üýtgemeleri dolandyrmak boýunça hyzmatlary” hödürleýän üç sany konsalting kompaniýasy bilen 45 mln dollarlyk şertnamalar bar. Maglumatlar DOGE-yň talap edýän tygşytlylygynyň, köplenç, has ýokarydygyny görkezýär. Mysal üçin, NASA-nyň 17 şertnama boýunça tygşytlamaly bolan 44,5 mln dollaryndan diňe 26,1 mln dollar tygşytlandy, sebäbi galanlary eýýäm tölenipdi. Öň DOGE aslynda birnäçe esse az bolan milliardlarça dollarlyk tygşytlamalar barada hasabat beripdi: 8 mlrd dollarlyk şertnama bary-ýogy 8 mln dollarlyk bolup çykdy. NASA-nyň býujetiniň azaldylmagy işden çykarmalary alyp barýan FDA we NOAA ýaly beýleki agentliklerde üýtgeşmeleriň bolýan döwründe bolup geçýär. Ýanwar aýynda NASA köpdürlülik we inklýuziwlik meseleleri boýunça bölümi ýapdy, ýöne 2023-nji ýylda agentlik bu ugurda iň gowy iş berijileriň biri hasaplanypdy. Häzirlikçe şertnamalary ýatyrmagyň NASA-nyň haýsy taslamalaryna täsir etjekdigi belli däl. 420 mln dollar tygşytlylygy gazanmak üçin, birnäçe uly maksatnamalar ýa-da köp sanly ownuk başlangyç ýapylyp bilner.