Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu giň möçberli çärä Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döredilmeginiň 4 ýyllygy bellenilýän bu Gazna Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir