Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmeklige bagyşlanyp, Arkadag şäherinde geçirilen halkaramaslahatda Hainu kompaniýasynyň düýbüni tutujy, fransuz telekeçisi Çarlz Bar emeli aň esasynda hassanyň sanly ekiziniň innowasion tehnologiýasyny hödürledi. ABŞ-da, Kanadada, Hytaýda we Fransiýada 12 ýyllyk gözleg işleriniň netijesinde döredilen bu tehnologiýa gerimini eýýäm 13 ýurda çenli giňeltdi we BMG tarapyndan sagdyn garramagyň iň oňat täzeligi hökmünde ykrar edildi. Näsag sanly ekizler, dürli birikdirilen lukmançylyk enjamlaryny öz içine alýan saglyk toplumynyň üsti bilen toplanan maglumatlaryň bäş ölçeginiň seljermesi esasynda hassanyň döwrebaplaşdyrylan görnüşidir. Emeli aň algoritmi, süýji keseli, gipertoniýa we ýürek-damar keseli ýaly dowamly keselleriň döremek töwekgelçiligini öňünden kesgitlemek üçin genom, metabolik, akyl, daşky gurşaw we fitnes maglumatlary seljerýär. Çarlz Bar bu tehnologiýany Türkmenistanda ornaşdyrmak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu bar bolan keselleri bejermekden öňürti olaryň öňüni almaga geçmäge mümkinçilik berer.