Türkmenistanyň 4 welaýatynda döwrebap suw we lagym arassalaýjy desgalary açyldy. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde bir gije-gündizde 10 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga ukyply desga açyldy. Täze toplumyň açylmagy etrabyň Duşak şäherçesiniň we oňa ýanaşyk obalaryň ilatyna ajaýyp sowgat boldy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäherinde ulanmaga berlen 1-nji we 2-nji göterim suw göteriji beketli suw alyjy desgalary bolan toplum bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwy arassalamaga niýetlenendir. Bu ýerde toplumyň işleýşini döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrýan edara binasy, suwuň düzümini yzygiderli gözegçilikde saklaýan barlaghana hereket edýär. Jemi 4,5 gektar çäkde ýerleşýän toplumda tehniki desga, howuzlar, suw eltiji we geçiriji ulgamlar göz öňünde tutulypdyr. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde ulanmaga berlen desga bir gije-gündizde 5 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga ukyplydyr. 2,5 gektar töweregi çäkde ýerleşýän toplumda häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylyp, olar lagym suwuny ýokary derejede arassalap, ekerançylyk maksatlary üçin gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Lagym suwuny arassalaýjy desganyň işine kompýuterler arkaly gözegçilik edilýär. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda bir gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy hem köp adamly boldy. Täze desga ýerasty suw ýataklaryndan alnan suwlary arassalap, ony etrabyň Serhetabat şäheriniň we oňa ýanaşyk obalaryň ilatyna bökdençsiz ýetirmäge şertleri döredýär. Toplumda edara binasy, tehniki desga göz öňünde tutulypdyr. Täze suw we lagym arassalaýjy desgalaryň ählisiniň gurluşyklaryny ýerli hususy kärhanalary ýerine ýetirdiler.