Saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu Fatal Fury: City of the Wolves oýnunyň personažlarynyň biri bolar. Faýting žanryndaky oýny işläp düzüji – SNK Corporation studiýasy oýnuň täze treýlerini hödürledi. Portugaliýaly futbolçy beýleki söweşijiler bilen uruşmaga ukyply bolan dolandyrylýan gahrymanlaryň biri bolar. Ol el we aýak urgularyny, şeýle-de futbol topy bilen bagly dürli tärleri ulanar. Faýting oýnunyň relizi 24-nji aprelde PK-da (Steam we Epic Games Store), PlayStation we Xbox-da bolar. Häzirki wagtda oýun açyk beta synagynyň ikinji tapgyryndan geçýär.