Wenesiýany 2150-nji ýyla çenli doly suw basyp biler diýip, alymlar çaklaýar. Halkara gözlegler bar bolan gorag çäreleriniň şäheri suw basmagynyň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini görkezdi. Milli geofizika we wulkanologiýa institutynyň halkara barlaglaryna görä, “Moiseý” böwet ulgamy şäheri suwuň basyp almagyndan gorap bilmez. TASS-yň RAI News 24-e salgylanyp habar bermegine görä, modelirleme 2050, 2100 we 2150-nji ýyllar üçin geçirildi. Iň howsalaly ýagdaýyň XXII asyryň ortalarynda bolmagy çaklanylýar, şonda 139-dan 226 inedördül kilometre çenli territoriýa suw astyna gidip biler. “Goşmaça gorag çäreleri bolmasa, bu suwuň basyp almagyna getirip, ýerli ilata we Wenesiýanyň medeni mirasyna uly zyýan ýetirer” – diýip, alymlar aýdýar. Olar klimatyň üýtgemegi sebäpli gury ýeriň derejesiniň peselýändigini, deňziň bolsa barha ýokary galýandygyny belleýär. Häzir bu proses ýylda 7 mm ýetýär. Joşgun wagty aýlagy ýapýan “Moiseý” bendi birnäçe ýyl bäri işleýär. Ýöne alymlar munuň ýeterlik bolman biljekdigini duýdurýar. Keramatly Mark meýdançasyny wagtal-wagtal suw basýar. Baryp XVIII asyrda germaniýaly şahyr Iogann Wolfgang Gýote Apenninlere syýahaty wagtynda öz doganyna şeýle ýazypdyr: “Sen gyssagly Wenesiýa gelmeli, sebäbi ýene 50 ýyldan ol bolmaz”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir