Ilon Mask özüniň X we xAI kompaniýalarynyň bir holdinge birleşendigini habar berdi. Täze gurluş XAI Holdings diýlip atlandyryldy diýip, CNBC habar berýär. Ylalaşygyň çäginde adybir sosial ulgama eýe bolan X (öňki Twitter), 12 milliard dollar bergisini hasaba almazdan, 33 milliard dollar diýip bahalandyryldy. Emeli aň ulgamynda işleýän xAI startapynyň kapitallaşdyrylmasy, takmynan, 80 milliard dollar boldy. Geleşigi resmileşdirmek üçin Maska goşmaça pul serişdesi gerek bolmady, maýadarlar diňe paýnamalaryny alşyp-berişdiler. Iki kompaniýanyň hem umumy paýdarlary bar, olaryň hususy derejesi bolsa olara uzak wagtlap ylalaşmakdan gaça durmaga mümkinçilik berdi. Maskyň sözlerine görä, birleşmek kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrar. xAI eýýäm X sosial ulgamynyň maglumatlaryny ulanýar we X-iň abonentleri bolsa xAI-iň Grok çat-botuna girip bilýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir