30-njy martda germaniýaly Isar Aerospace kompaniýasy özüniň Spectrum atly göteriji raketasyny ilkinji gezek synagdan geçirdi. Bu raketa Norwegiýanyň Annýoýa kosmodromy üçin ilkinji orbital uçuş bolmalydy. Şol bir wagtyň özünde, ol Ýewropa yklymyndaky (Russiýanyň Plesetsk kosmodromyny hasaba almasak) ilkinji täjirçilik maksatly raketa uçuşy bolup taryha girmelidi. Emma synag şowsuzlyk bilen tamamlandy. Spectrum – beýikligi 28 metr bolan, bir gezek ulanylýan, iki basgançakly ýeňil synpa degişli raketadyr. Onuň birinji basgançagy dokuz sany Aquila hereketlendirijisi, bu hereketlendirijiler kislorod-propan ýangyjy bilen işleýär. Ikinji basgançagy bolsa, şol hereketlendirijileriň gaýtadan işläp bilýän bir nusgasy bilen üpjün edilen. Spectrum 1 tonna çenli ýüküň pes orbitada ýerleşdirilmegine, şeýle-de 700 kg çenli ýüküň Gün bilen sinhron orbitada ýerleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Uçuş howa şertleri sebäpli, birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Ahyrynda, 30-njy martda, Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da raketa uçuryldy. Emma ol tiz wagtdan ugruny ýitirdi. Soň bolsa, başlangyç meýdançasynyň golaýynda ýere gaçyp partlady. Muňa garamazdan, taslamanyň işläp düzüjileri netije bilen kanagatlanýarlar. Sebäbi raketa 30 sekuntlap uçdy. Mundan başga-da, adatdan daşary ýagdaý ulgamy synagdan geçirildi. Eger uçuş üstünlikli geçsedi, raketanyň ikinji basgançagy ýük maketi bilen bilelikde birinjisinden aýrylyp, kosmosa çykmalydy. «Ilkinji synag uçuşymyz ähli garaşylanlary kanagatlandyrdy we uly üstünlik boldy. Biz raketanyň uçuşyny, 30 sekuntlyk uçuşy hem-de adatdan daşary ýagdaý ulgamyny synagdan geçirmegi başardyk» — diýip, Isar Aerospace kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory we esaslandyryjylaryndan Daniel Metsler uçuş bilen baglanyşykly beýanat berdi. Metsleriň diýenlerine garamazdan, adatdan daşary ýagdaý ulgamynyň hakykatdanam netijeli işläp-işlemeýändigi barada soraglar döredi. Sebäbi ol haçanda raketa ýere degensoň işläp başlapdyr. Hadysanyň sebäpleri entek aýan edilmedi, emma hünärmenler synagdan möhüm maglumatlary ýygnadylar. Kosmodromyň infrastrukturasyna zeper ýetmedi. Adam ýitgisi ýa-da ýaralanan bolmady. Indiki synag uçuşy ýakyn wagtda geçiriler. Mundan ozal, düýbi Mýunhen şäherinde ýerleşýän Isar Aerospace kompaniýasy uly göwrümli täjirçilik maksatly uçuş şertnamalaryna gol çekipdi. 2026-njy ýylda Spectrum raketasy Ýaponiýanyň AOBA synag emeli hemrasyny, 2028-nji ýylda bolsa Norwegiýanyň kosmos agentligi üçin iki sany uzakdan gözegçilik hemrasyny orbita çykarmaly.