Şu gün irden «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler, ol ýerde şu maslahata bagyşlanyp baýramçylyk çykyşy geçirildi. Sirkiň meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleri çykyş etdiler. Türkmen jigitleriniň görkezen tolgundyryjy çykyşlary hiç kimi biperwaý galdyrmady – diýip, Türkmenportal saýtynyň habarçysy habar berýär. Ýurdumyzda ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilen at üstündäki oýunlar Türkmenistanyň halky üçin buýsançly bolan özboluşly sungatdyr. Şeýlelik bilen, ýaňy-ýakynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monakoda geçirilen festiwalda üstünlikli çykyş etdi we ol ýerde Altyn baýraga mynasyp boldy hem-de beýleki ýörite baýraklar bilen sylaglandy. Bu gün bolsa, 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşy türkmen çapyksuwarlarynyň deňsiz-taýsyz ussatlygyny, ahalteke atlarynyň gözelligini, syratyny we ýüwrükligini ýene bir gezek görkezdi. Mälim bolşy ýaly, bu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygyna bagyşlanyp «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara forumy öz işine başlaýar.