Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 28-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy. Hasabatda bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçiriljek sergä Türkmenistanyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.