Türkmenistanda geljegi uly bolan ýangyç çig mally meýdançalary özleşdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Muňa ýakynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň Uzynada ýatagyndaky täze gazylan 81 belgili ulanyş maksatly guýudan gaz kondensatynyň senagat akymynyň alynmagy hem doly şaýatlyk edýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, körpejeli burawlaýjylaryň gazuw işlerini üstünlikli tamamlan bu täze guýusy häzirki wagtda her gije-gündizde 40 tonnadan gowrak gaz kondensatyny we 60 müň kub metre barabar tebigy gazy berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan «ZJ — 70DB» kysymly kuwwatly buraw desgasy bilen gazylan bu täze guýy konserniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynyň guryýer çäklerinde hem-de suw giňişliklerinde nebitli, gazly känleri açyp ulanyşa girizmek öňde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Mundan birnäçe ýyl öň Uzynada käniniň açylmagy türkmen alymlarynyň, geologlarynyň we burawlaýjylarynyň bu ýerde nebitiň we gazyň uly gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalarynyň dogrudygyny subut etdi. Häzir bu sebitde gözleg-barlag işleri bilen bir hatarda, ulanyş maksatly guýularyň hem köp sanlysynyň gazylmagy alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmäge, tebigy baýlyklaryň çykarylyşyny durnukly artdyrmaga, önüm berýän guýularyň sanyny köpeltmäge ýardam edýär.