«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanasynda şaly hasylyny aýawly saklamak, gaýtadan işlemek, tüwi önümçiliginiň möçberini artdyrmak boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi. 2025-nji ýylyň iki aýynyň dowamynda kärhana boýunça 2,5 müň tonnadan gowrak ýokary we birinji görnüşli tüwi taýýarlanylyp, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Önümçilik bölümlerinde şaly bökdençsiz gaýtadan işlenilýär. Iň kämil enjamlar ornaşdyrylan önümçilik ulgamlarynda tüwiniň ýokary, birinji hem ikinji görnüşleri, tüwi ýarmasy we uny öndürilýär. Etrap merkeziniň günorta künjeginde uly meýdany tutýan, 2015-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen bu kärhananyň 30 müň tonna şalyny gaýtadan işleýän degirmeni, şonça mukdardaky şalyny aýawly saklamak üçin elewatory, tohumlyk şalyny arassalaýan hem-de saklaýan iki ammary bar. Kärhananyň çäginde 2 sany ýöriteleşdirilen dükan bar. Bu ýerde dürli görnüşli, ýokary hilli önümler sarp edijilere ýetirilýär diýlip, habarda bellenilýär. Welaýatyň ussat şalyçylary üçin 2024-nji ýyl hem hasylly ýyllaryň biri boldy. Etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri, hojalygy ýöretmegiň täze usullarynda işleýän ýer eýeleri 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak şaly öndürip, bu azyklyk önümiň bolçulygyny döretdiler.