Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sa­ha­wat­ gaz­na­sy­nyň­ baý­da­gy­ döredildi. «Arkadag» gazetiniň gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli neşir edilen şu günki ýörite baýramçylyk sanynda ha­ýyr-sa­ha­wat­ gaz­na­sy­nyň­ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary çap edildi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sahawat­ gaz­na­sy­nyň­ baý­da­gy­nyň teswiri we görnüşiniň nusgasy tassyklandy. Kararda onuň ýerine ýetirilişine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sahawat­ gaznasynyň do­lan­dyryş­ iş­le­ri­ bo­ýun­ça ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­ji­ di­rek­to­ry­ —­ wi­se-prezidenti R.Ba­za­rowyň ­we­ gaz­na­nyň­ Iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gözeg­çi­lik­ etmelidigi bellenilýär. ­ Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sa­ha­wat­ gaz­na­synyň baýdagynyň teswiri we görnüşiniň nusgasy bilen «Arkadag» gazetiniň şu günki çap edilen sanyndan tanşyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir