28-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Estoniýa Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Estoniýanyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Martin Rožer bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi. Gepleşiklerde hökümetara we edaralarara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsnaperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek barada gürrüň edilip, şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberini artdyrmagyň ýollary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sanlylaşdyrma ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi babatda pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşygy üpjün etmek, talyp we mugallym alyş-çalyşyny ýola goýmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Erika Ellama-Ots bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň we Estoniýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we berkitmegiň zerurdygy nygtaldy. Söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we gerimini giňeltmek maksady bilen, ýörite platforma döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň Estoniýa saparda bolmagynyň çäklerinde Tallin şäherindäki «E-Estonia» sanlylaşdyrma merkezine tanyşlyk sapary guraldy. Şol ýerde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bu merkeziň sanly özgertmeler boýunça geňeşçisi Petra Holm bilen duşuşdy.