Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu giň möçberli çärä Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, halkara maslahat ýörite taýýarlanylan meýilnama esasynda geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar umumy mejlis bilen birlikde, birnäçe medeni çäreler hem gatnaşýarlar.