Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşyjylar çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny goramak üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny görkezýän jemleýji resminama kabul etdiler. Bu barada HHM habar berýär. Bellenilişi ýaly, BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen maslahatyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryna gabat gelýändigi tassyklandy. Halkara çärä gatnaşanlar saglygy goraýyş, çagalaryň abadançylygyny pugtalandyrmak babatynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtap, olara bilim, saglygy goraýyş we sosial goldaw zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we olaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ÝUNISEF, ÝUNFPA, BSGG we ÝUNESKO ýaly halkara düzümler bilen halkara guramalaryň arasyndaky täsiriň ýokarlanmagyna aýratyn üns berildi. Jemleýji resminama bilimi we saglygy goraýşy öz içine alýan ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň çagalaryň durmuşyna edýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny nygtaýar. Maslahata gatnaşyjylar howanyň ählumumy maýlamagynyň we daşky gurşaw bilen bagly betbagtçylyklaryň geljekki nesiller üçin çynlakaý howp salýandygyny ykrar etdiler we daşky gurşaw bilimine, howanyň üýtgemegi şertlerinde çagalara goldaw berilmegine aýratyn üns berilmegini islediler.