3-4-nji aprelde Samarkantda (Özbegistan) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammit geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde aýdyldy. 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir