Google Pixel 9a smartfonynyň satuwa çykarylyşyny gijikdirdi. Adatça, öňünden sargytlar smartfonyň tanyşdyrylyşyndan soň bada-bat açylýardy, ýöne bu gezek beýle bolmady. «PhoneArena» neşiri muny ençeme sebäpler bilen düşündirýär. Olaryň arasynda, esasanam, enjamyň, aýratyn-da kamerasynyň töwereginiň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly meseleler bar. «PhoneArena» Tech Auntyji diýlip atlandyrylýan insaýdere salgylanýar. Ol anyk modeliň adyny agzamady, ýöne enjamyň aprelde, programma üpjünçiligi täzelenenden soň çykjakdygyny aýtdy. Neşir bu modeliň hut Pixel 9a-dygyny çaklaýar, sebäbi beýleki modelleriň çykarylyşy yza süýşürilmedi. Şeýle hem Pixel 9a-nyň resmi taýdan yglan edilmezden ozal, käbir synçylaryň eline tötänleýin düşendigi habar berilýär. Olaryň biri bloger Sahil Karul bolup, ol enjamda synaglary geçirdi. Onuň netijelerine görä, Pixel 9a-nyň öndürijiligi iň ýokary derejesinden 61%-e çenli peseldi, bu bolsa smartfonyň gyzmagy bilen baglanyşykly meseleleriň bardygyny aňladyp biler. Täze smartfonyň başlangyç bahasy 499 dollar bolar. Ol 6,3 dýuýmlyk OLED displeý, 8 GB operatiw ýat (RAM), 48 MP esasy kamera, 13 MP giňburçly kamera, 13 MP öňdäki kamera we 5100 mA·sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylýar.