Nissan ýapon awtoulag öndürijisi krossower görnüşindäki täze «Leaf-iň», täze nesil «Micra» şäher awtoulagynyň we e-Power gibrid ulgamy bolan, täzelenen «Qashqai» modeliniň çykaryljakdygyny mälim etdi. Kompaniýa Ýewropada dört sany elektrokary, Demirgazyk Amerikada bolsa 10 sany täze we täzelenen modeli hödürlär diýip, «The Independent» neşiri habar berýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropada üçünji nesil «Leaf» peýda bolar. Bu model «Ariya» bilen birmeňzeş CMF-EV platformasynda gurlan elektrikli krossower bolup, Angliýada öndüriler. Şeýle-de düýbünden täzelenen «Micra» tanyşdyrylar. Bu şäher awtoulagy «Renault R5» bilen birleşdiriler. Ol 40 we 52 kilowat-sagat göwrümli batareýalar bilen enjamlaşdyrylar we bir gezeklik zarýad bilen 400 kilometre çenli ýol geçer. Täze nesil «Juke» elektrikli hereketlendirijä geçer we «Hyper Punk» konseptine esaslanar. Şeýle hem e-Power ulgamy bolan täze «Qashqai» hödürlener. Onuň gibrid ulgamy 1.5 litrlik turbo dwigatel esasynda işleýär we doly elektrikli ulgam bilen utgaşdyrylýar. Geljekde bu tehnologiýa miniwenlerde we ABŞ-daky «Rogue» modelinde-de ulanylar. ABŞ we Kanada üçin Infiniti brendiniňkileri hem hasaba almak bilen, jemi 10 sany täze we täzelenen model taýýarlanyldy. Olaryň arasynda täze nesil «Sentra», keşbi täzelenen «Pathfinder» we «QX60» modelleri, Nissan-yň ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «hadysaly» elektrik awtoulagy hem-de «Vision Qxe» konseptine esaslanýan Infiniti krossoweri bar. Şeýle-de uly «QX80» modeli şu ýyl sport paketi bilen çykarylar, 2026-njy ýylda bolsa «QX65» kupe-krossoweri tanyşdyrylar. Latyn Amerikasynda täze ýolagçy awtoulagy we orta ölçegli «Frontier/Navara» pikaby çykarylar. Şeýle hem Hindistan, Ýakyn Gündogar, Okeaniýa we Afrika üçin täze modelleri çykarmak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir