Google kompaniýasy iň ösen emeli aň modeli bolan Gemini 2.5 Pro-ny tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy – jogap bermezden ozal pikirlenmegidir. Bu ony has takyklaşdyrýar we intellektual taýdan has-da güýçli edýär diýip, Google-yň resmi blogunda mälim edilýär. Täze wersiýa öňki modeller bilen deňeşdirilende maglumat seljermekde, programmirlemekde we çylşyrymly meseleleri çözmekde has ýokary netijeleri görkezýär. Geçirilen synaglaryň ençemesinde, Gemini 2.5 Pro beýleki emeli aň modelleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazandy. Esasanam web goşundylaryny döretmekde we kod redaktirlemekde uly ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda modeliň kontekst penjiresi 1 million token, ýöne Google muny 2 million tokene çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Emeli aň modeli häzirlikçe synag görnüşinde tölegli abunalyga ýazylanlar we işläp düzüjiler üçin elýeterli. Öňümizdäki hepdelerde Gemini 2.5 Pro modeli Vertex AI platformasynda peýda bolar, ondan soň Google korporatiw ulanyjylar üçin bahalandyryş syýasatyny hödürlär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir