26-njy martda Ýerewanda Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Amanow, ermeni tarapyna bolsa Ermenistanyň Territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ozalky ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy mowzuklar söwda, energetika, bilim, medeniýet, syýahatçylyk, oba hojalygy, transport, gurluşyk we dokma senagaty bilen bagly boldy. Mundan başga-da, maliýe, bilim, medeniýet we maglumat ulgamlarynda hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijesi boýunça esasy ylalaşyklary we mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ädimleri kesgitleýän beýannama gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir