Tesla FSD (Full Self-Driving) awtopilot ulgamynyň synaglaryny Hytaýda wagtlaýynça togtatdy diýip, «CarNewsChina» habar berýär. Tesla saýlanan müşderilere 17-nji martdan 16-njy aprele çenli FSD ulgamyny mugt synap görmäge mümkinçilik berjekdigini aýdypdy. Emma 23-nji martda hytaý metbugaty synaglaryň togtadylandygyny habar berdi. Neşiriň habaryna görä, synaglaryň togtadylmagynyň sebäbi, Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumatlaşdyrma ministrliginiň (MIIT) täze düzgünleri bilen baglanyşykly. Bu düzgünler awtoulag öndürijilerinden programma üpjünçilikleriniň täzelenmelerini öňünden habar bermegi talap edýär. Bu düzgünler awtonom ulaglara bolan gyzyklanmanyň artýandygy sebäpli kabul edildi. BYD, Huawei, Xpeng we Li Auto ýaly iri kompaniýalar geljekde dolandyryş ulgamlaryny has ýokary derejä çykarmagy meýilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-da bolsa FSD ulgamy henizem tankytlanylýar. Sebäbi Tesla ulaglary awtopilotda wagty kämahal swetoforyň sary yşygynda ýöreýär, öwrülmeli ýerinde öwrülmän göni gidýär, Stop belliginde saklanmaýar we tizligiň çäklendirmelerini bozýar. Hut şol sebäplerden hem 2023-nji ýylda Tesla iki milliondan gowrak ulagyň FSD ulgamyny täzeden düzmek üçin yzyna çagyrypdy.