Apple kompaniýasy AirPods Max nauşnikleri üçin täze programma üpjünçiligini hödürledi. Bu täzelenme nauşniklere ýitgisiz (lossless) ses faýllaryny ýokary hilde goýbermäge mümkinçilik berer, şeýle-de örän pes gijikme bilen işlemegi üpjün eder. Täzelenmeden soň, AirPods Max nauşnikleri ses faýllaryny 48 kGs/24 bit derejede ýitgisiz goýberip biler. Bu ýazgylaryň asyl hilini saklamaga we studiýada nädip döredilen bolsa, diňleýjilere hem sazlary şolar ýaly eşitdirmäge mümkinçilik berer. Giňişlikdäki ses (spatial audio) tehnologiýasy hem has täsirli ses tejribesini üpjün eder. Apple Music hyzmatynyň ulanyjylary indi 100 milliondan gowrak aýdymy ýitgisiz formatda diňläp bilerler. Täzelenme aýdym-saz döredijileri üçin hem peýdaly bolar. Indi olar AirPods Max nauşniklerini Logic Pro we şoňa meňzeş programma üpjünçilikleri bilen ulanmak mümkinçiligine eýe bolarlar. USB-C kabeli arkaly nauşnikler başyň hereketini hem yzarlap bilerler. Bu bolsa giňişlikdäki sesi döretmekde has ýokary takyklygy üpjün eder. Ýitgisiz ses goldawy diňe bir sazandalar üçin däl, eýsem oýunçylar üçin hem möhüm bolar. AirPods Max ses signallaryny örän pes gijikme bilen geçirer. Täzelenme iOS 18.4, iPadOS 18.4 we macOS Sequoia 15.4 ulgamlary bilen bilelikde elýeterli bolar. Täze ses tejribesini diňe USB Type-C interfeýsli AirPods Max nauşnikleri bolan ulanyjylar synap bilerler. Häzirki wagtda şeýle nauşnikleri Apple-yň resmi dükanlaryndan 549 dollardan satyn alyp bolýar. Şeýle-de kompaniýa USB-C we 3,5 mm mini-Jack kabellerini hem satuwa çykarar, olaryň bahasy bolsa 39 dollar bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir