SpaceX kompaniýasy täze Starlink antennasynyň üstünde işleýär. Bu antenna maglumatlary 1 Gbit/sek çenli tizlikde geçirip biler. Bu häzirki 200 Mbit/sek töweregindäki görkezijilerden bäş esse ýokarydyr diýip, «PCMag» neşiri habar berýär. SpaceX täze gigabit antennasyny şu ýylyň ahyrynda satuwa çykaryp biler, emma bu esasan üçünji nesil V3 Starlink hemralarynyň üstünlikli işe girizilmegine bagly bolar. Häzirki wagtda kompaniýa teklip edilen täzelenmeleriň tassyklanmagy üçin, ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasynyň (FCC) kararyna garaşýar. SpaceX şeýle-de korporatiw müşderiler üçin täzelenen tekiz we ýokary öndürijilikli Starlink antennasyny hödürledi. Munuň bilen baglylykda, kompaniýa öňki nesil antennasynyň bahasyny 2499 dollardan 1499 dollara düşürdi. Maksat – ammardaky öňki nesile degişli antennalary tizräk satmak. Şeýle-de 499 dollar bahaly Starlink Mini antennasynyň ornuny tutjak täze modeliň hem taýýarlaýandygy habar berildi. Hemra aragatnaşygy boýunça bilermenleriň pikirine görä, gigabit tizlikden peýdalanmak üçin müşderilere täze enjam gerek bolar. Sebäbi häzirki Starlink terminallary goşmaça radiodiapazonlary goldamaýar. Emma şeýle-de bolsa, olaryň pikirine görä, Starlink ulgamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen täzelenmeler öňki nesil enjamlary ulanyp ýörenler üçin hem tizligiň ýokarlanmagyna we signalyň has durnukly bolmagyna ýardam eder. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda SpaceX-iň prezidenti Gwin Şotwell Starlink ulgamynyň tizliginiň 2 Gbit/sek ýetjekdigini, şeýle-de gijikmeleriň hem ep-esli azaldyljakdygyny aýdypdy. SpaceX gigabit internetini ilkibaşda iri kompaniýalara hödürlär, soň bolsa ol hususy ulanyjylar üçin hem elýeterli bolar.