FAW-Volkswagen kompaniýasy ýakyn wagtda ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täzelenen «Talagon» modeliniň çykjakdygyny mälim etdi diýip, «ITHome» habar berýär. Täze modeliň resmi tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň aprel aýynda bolar. Esasy üýtgeşmeler ulagyň daşky görnüşine we interýerine degişli. Ol bäşinji nesil 2,0 litrlik EA888 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. Dizaýnda göze ilýän täzelikler bar: ulaga täze faralar bilen ýapyk radiator gözenegi oturdylan. «Talagon» iki görnüşde hödürlener – standart görnüşde we R-Line sport görnüşinde. Ulag adaty gapy tutawaçlaryny saklap galýar. Yzynda tutuşlygyna birleşdirilen yzky yşyklar oturdylan. Öňki modellerdäki goşa turba görnüşindäki dekoratiw tüsse çykaryjy elementler aýrylan. Täzelenen «Talagon-yň» ölçegleri 5143 х 2002 х 1792 mm, teker bazasy bolsa – 2980 mm. Has güýçli görnüşiniň ölçegleri barada entek resmi maglumat berilmedi. Bäşinji nesil 2,0 litrlik EA888 hereketlendirijisi esasy görnüş üçin iň ýokary kuwwaty 157 kWt (213 a.g.) we ýokary görnüşi üçin iň ýokary kuwwaty 200 kWt (272 a.g.) bolan iki wersiýada hödürlener.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir