Apple öz Apple Watch smart sagatlaryna we AirPods simsiz nauşniklerine kamera hem-de emeli aňa esaslanýan funksiýalary goşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Bloomberg habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, oturdylan kameralar we mikrofonlar Visual Intelligence atly EA funksiýasyny goldamak üçin ulanylar. Ol gurluşyň eýesine daş-töwerekde bolup geçýän zatlar barada maglumat almaga mümkinçilik berer. Häzir bu funksiýalar diňe iPhone 16-da elýeterli, ýöne geljekde kompaniýanyň beýleki gajetlerinde hem peýda bolar. Apple bu işe OpenAI-i we Google-y çekmezden, öz EA modelini ulanmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň çäklerinde kompaniýa kamerany hem adaty Apple Watch wersiýasyna, hem Ultra modellerine goşmagy göz öňünde tutýar. Esasy wersiýada kamera displeýe oturdylar, Ultra-da bolsa gapdalda ýerleşer. Şeýle-de, FaceTime wideojaňlar funksiýasyny goşmak mümkinçiligine seredilýär. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, täze funksiýaly gurluşlar 2027-nji ýylda çykyp biler.