Boeing we Airbus ýaly iri uçar öndürijileri howa gämileriniň önümçiligine çemeleşmäni üýtgedip, alýuminden ýüz öwürmegi we kompozit materiallary ulanmagy maksat edinýär. Bu barada Interesting Engineering portaly habar berýär. Täze modelleriň bölekleri awtomatlaşdyrylan modullaryň kömegi bilen ýygnalar. Bu önümçiligi çaltlaşdyrar we uçaryň agramyny ýeňleder. Öndürijileriň çaklamalaryna görä, şeýle üýtgeşmeler uçarlaryň täze nesliniň önümçiliginiň aýda 100 uçara çenli artmagyny üpjün eder. Bu görkeziji häzirki önümçilik mukdaryndan iki esse artdyrar. Kompaniýalar täze tehnologiýalara we materiallara geçilmegi Hytaýyň ösýän awiasiýa pudagynyň fonunda bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün eder diýip umyt edýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir