Hindistanyň Medeni aragatnaşyklar baradaky Geňeşi (Indian Council for Cultural Relations, ICCR) Türkmenistanyň raýatlaryna dürli ugurlar boýunça bakalawr, magistr we ylmy-barlag maksatnamalary boýunça okamaga talyp haklarynyň berilýändigini yglan etdi. Mundan başga-da, hindi medeniýeti — tans, saz, teatr, ýerine ýetirijilik sungaty, heýkeltaraşlyk, hindi dilleri, aşpezlik we beýleki ugurlar boýunça hem okuw mümkinçilikleri hödürlenýär. Bu maksatnamalar Hindistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynda amala aşyrylar. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy arzalaryň kabul edilmeginiň 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde tamamlanýandygyny habar berýär. Arzalar a2ascholarships.iccr.gov.in web sahypasy arkaly tabşyrylmaly. Bu web sahypasynda maksatnama barada doly maglumat we arza tabşyrmak boýunça görkezmeler hem elýeterlidir. Okuw jaýlary öz kararlaryny 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli habar bermelidirler. Eger-de talyp hakyny bermek tassyklanylan ýagdaýynda – diplomatik wekilhanalara, ýatyrylan ýagdaýynda – dalaşgärleriň özlerine habar ediler. Arza tabşyrmak üçin 131 ýokary okuw mekdebi hödürlenýär.