Hytaýda 2025-nji ýylyň «Mercedes-Maybach S-Class» modeliniň satuwy başlandy. Bu limuzin dört görnüşde hödürlenýär. Onuň bahasy 1,47 mln – 3,64 mln ýuan (takmynan, 200 müň – 500 müň dollar) aralygynda üýtgeýär diýip, «ithome» portaly habar berýär. Ulagyň ähli konfigurasiýalary Max ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Bu ulgam kämilleşdirilen nawigator bolup, sürüjilik kömekçisi bilen üpjün edilendir. Ol sürüjä ýolda ugur görkezýär we zolak boýunça maslahat berýär. Awtoulagyň daşky görnüşi öňküligine galdy. Diňe reňk saýlawy giňeldildi. Jemi 13 dürli reňk bar, olaryň arasynda MANUFAKTUR-yň eksklýuziw reňkleri hem hödürlenýär. Salony Maybach-yň özboluşly stilinde bezelen. Onuň içinde sanly panel, AR-HUD displeýi we panoramaly üçek bar. Şeýle-de MBUX multimediýa ulgamy, elektrikli gapylar, oturgyç ýelejiretmesi (wentilýasiýasy) we simsiz zarýad beriş funksiýasy standart görnüşde gelýär. Esasy üns yzky oturgyçlaryň rahatlygyna gönükdirilen. Bu ýerde Nappa derisinden ýasalan oturgyçlar ýerleşdirilen. Olar ýyladyş we massaž funksiýasy bilen üpjün edilen. Şeýle hem olary 43,5 gradusa çenli egip bolýar. Awtoulagyň hereketlendirijileri dürli görnüşde hödürlenýär: olaryň göwrümi 3.0 litrden 6.0 litre çenli üýtgeýär. Ulag doly herekete getiriji ulgam we 9 basgançakly awtomat karobka bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de 900 Nm çenli tork öndürýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir