NASA şowsuz synanyşykdan soň, Boeing-iň Starliner gämisine ýene bir mümkinçilik bermek kararyna geldi. Bu barada Spacenews.com çeşmesi habar berýär. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Starliner astronawtlar Batç Uilmor bilen Sunita Uillýamsy Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) eltdi, ýöne hereketlendirijisiniň näsazlygy we geliý gazlarynyň syzmagy ekipažy meýilleşdirilen sekiz günüň ýerine dokuz aýlap stansiýada alyp galdy. Ýakynda olar SpaceX-iň Crew Dragon kapsulasynda Ýere getirildi. Indi Boeing hereketlendiriji ulgamy kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. NASA-nyň täjirçilik uçuşlary programmasynyň ýolbaşçysy Stiw Stiç indiki pilotsyz uçuşyň bu üýtgeşmeleri synagdan geçirjekdigini aýtdy. Üstünlikli bolan ýagdaýynda, Starliner Crew Dragon bilen deň hatarda HKS-yň ekipažyny äkidip-getirmäge gatnaşyp biler. 2014-nji ýylda NASA HKS-a daşamaga ukyply kosmos gämisini gurmak üçin Boeing-e 4,3 milliard dollar we SpaceX-e bolsa adamlary 2,6 milliard dollar bölüp berdi. SpaceX bu işi üstünlikli ýerine ýetirip, 10 sany şowly missiýany ýerine ýetirdi, Boeing-iň bolsa iki uçuşy-da şowsuz boldy. Starliner-iň şowsuzlygyndan soň, NASA wagtlaýynça diňe SpaceX -e bil baglady. Mysal üçin, mart aýynda Crew-10-yň ekipažyny HKS-a hut Crew Dragon eltdi. Näme üçin NASA Starliner-den ýüz öwürmeýär? Sebäbi, agentlik diňe SpaceX-e baglanyp galmagy islemeýär. NASA-da: "Iki hususy kosmos gämisi bir üpjün edijä garaşlylygy azaldar" -diýýärler. Indi Boeing hereketlendiriji bilen bagly meselelerini düzedip, Starliner-iň kosmosda ygtybarlylygyny subut etmeli. Eger 2026-njy ýylda geçiriljek synaglar üstünlikli bolsa, Boeing adam tarapyndan dolandyrylýan uçuşa rugsat alar. Bu kompaniýa şertnamany ýerine ýetirmäge we HKS üçin ikinji daşaýjy bolmaga mümkinçilik berer. NASA düzedilen Starliner-iň Crew Dragon bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar. Uçuşyň takyk senesi häzirlikçe synaga bagly.