Türkmenistan Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygynda myhmançylykda Hytaý Taýpeýinden 2:1 hasabynda üstün çykdy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, Gaosýun şäheriniň “National Stadium” stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren gollary Elman Tagaýew (48-nji minut) bilen Ýazgylyç Gurbanow (83-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk 10-njy iýunda Aşgabatda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir