Hindistanyň gündogaryndaky Odişa ştatynda altyn känleri tapyldy. Bu barada Magdan senagaty ministri Bibhuti Bhuşan Jena ştatyň kanun çykaryjy mejlisinde yglan etdi diýip, Times Now gazeti habar berýär. Odisha TV-niň berýän maglumatlaryna görä, iri altyn gorlary Sundargarh, Nabarangpur, Angul we Koraput sebitlerinden tapyldy. Şeýle-de, deslapky barlaglar Malkangiride, Sambalpurda we Baudhda ýataklaryň bardygyny tassyklaýar. Bu açyşlar Odişany Hindistanyň altyna baý sebitleriniň arasyna goşýar. Maýurbhanj sebitiniň Jaşipur, Suriaguda, Ruansi, Idelkuça, Maredihi, Süleýpat we Badampahad etraplarynda geologiýa gözleg işleri dowam etdirilýär. Ondan öň Hindistanyň Geologiýa gözleg gullugy (GSI) tarapyndan mis känleri gözlenýärkä Deogarhyň Adasa-Rampalli sebitinden altyn ýataklary tapyldy. Indi ştatyň hökümeti Deogarhda ilkinji altyn gazyp alýan blogyň auksionyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu Odişanyň mineral pudagy üçin taryhy tapgyrdyr. GSI bilen Odisha Mining Corporation Keonjhar etrabynyň Gopur-Gazipur, Mankadçuan, Saleýkana we Dimirimunda sebitleriniň altyn gazyp almak mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirýärler. Tehniki komitetler önümçiligi täjirleşdirmäge başlamazdan ozal, gutarnykly hasabatlary gözden geçirerler. Altynyň tapylmagy Odişanyň ykdysadyýetini ep-esli pugtalandyryp, maýa goýumlaryny özüne çekip, täze iş ýerlerini döredip biler. Ştat ýakyn wagtda Hindistanyň altyn gazyp alyş pudagynda möhüm orny eýeläp biler.