Argentinanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky duşuşykda Braziliýany 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň eýýäm dördünji minudynda argentinaly hüjümçi Hulian Alwares hasaby açdy. Sekiz minut geçenden soň, ýarymgoragçy Enso Fernandes toparynyň artykmaçlygyny artdyrdy. 26-njy minutda Braziliýanyň hüjümçisi Mateus Kunýa bir gol geçirdi. Şeýle-de bolsa, arakesmeden ozal "albiseleste" üçünji goluny geçirdi – bu gezek Aleksis MakAllister tapawutlandy. Ikinji ýarymda bolsa, argentinaly Juliano Simeone milli ýygyndysy üçin ilkinji goluny geçirip, hasaby 4:1 etdi. Bu ýeňiş bilen Argentinanyň ýygyndysy Günorta Amerikanyň saýlama tapgyrlarynyň taryhynda iki rekord goýdy diýip, MisterChip lakamly žurnalist X sosial sahypasynda habar berdi. Lionel Skaloniniň topary bir saýlama tapgyrda Braziliýany iki gezek ýeňmegi başaran ilkinji topar boldy. Mundan başga-da, "albiseleste" Braziliýanyň derwezesine Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrlarynda dört gol geçiren ýeke-täk ýygyndy boldy. Argentinanyň ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny möhletinden öň gazandy. Olar 14 oýundan soň 31 utuk bilen sanawyň başyny çekýärler. Braziliýa 21 utuk bilen dördünji orunda barýar. Ikinji orny Ekwador (23 utuk), üçünji orny bolsa Urugwaý (21 utuk) eýeleýär. Bäşinji orundaky Paragwaý hem 21 utuk toplady. Şeýlelikde, Argentina resmi taýdan dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji günorta amerikaly ýygyndy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir