Iňlis goragçysy Trent Aleksander-Arnold erkin agent hökmünde Madridiň “Realyna” geçer. Sky Switzerland neşiriniň maglumatyna görä, futbolçy “patyşalyk kluby” bilen bäş ýyllyk şertnamany ylalaşdy. Täze klubunda Aleksander-Arnold möwsümde 15 million ýewro we netijeliligi üçin goşmaça bonuslar alar. Mundan başga-da, transferiň möçberine barabarlykda gol çekişilenligi üçin bonus göz öňünde tutulýar. Şertnama 1-nji iýuldan güýje girer. Çeşmäniň habaryna görä, 26 ýaşly goragçy häzirki wagtda “Liwerpulda” ýylda 11 mln ýewro gazanýar. Aleksander-Arnold karýerasynyň dowamynda “Liwerpulda” çykyş edip gelýär. Bu toparyň düzüminde 349 duşuşyga çykdy. Ol Çempionlar ligasyny, Angliýanyň Premýer-ligasyny, Angliýanyň Kubogyny, Angliýanyň we UEFA-nyň Superkuboklaryny, şeýle hem Klublaýyn dünýä çempionatyny bir gezek utdy. Şeýle-de, iki gezek Angliýanyň Liga Kubogynyň ýeňijisi boldy.