"Mançester Ýunaýted" futbol kluby musulman jemgyýetiniň wekillerini ýygnap, "Old Trafford" stadionynda agzaçar sadakasyny berdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär. Agzaçara 160 adam gatnaşdy. Olaryň arasynda klubuň işgärleri, janköýerler we "Mançester Ýunaýtediň" akademiýasynyň oýunçylary bar. Geçen ýyl klub Karringtondaky türgenleşik bazasynda agzaçar beripdi. Bu gezek iftar sadakasy ilkinji gezek klubuň esasy stadionynda guraldy. Öň, TmCars "Mançester Ýunaýtediň" "Old Traffordyň" ýerine 100 müň tomaşaçyny sygdyryp biljek täze stadiony gurmak meýilleri barada habar beripdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir