Hytaýly elektromobil öndürijisi BYD 2024-nji ýyl üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Şol döwürde kompaniýanyň umumy girdeijisi 29% ýokarlanyp, 777 mlrd ýuana (107 mlrd dollara) ýetdi. Şeýlelikde, BYD girdejisi boýunça amerikan elektromobil öndürijisi Tesla-dan üstün çykdy. Tesla-nyň geçen ýylky umumy girdejisi 97,7 mlrd dollar bolupdy. Kompaniýanyň arassa girdejisi hem ep-esli ýokarlandy. 2024-nji ýylda BYD-niň arassa girdejisi 34% ösüp, 40,3 mlrd ýuana (5,6 mlrd dollara) ýetdi. Tesla-nyň şol döwürdäki arassa girdejisi bolsa, 7,1 mlrd dollar boldy. BYD-niň paýnamalary 24-nji martda Gonkong biržasynda 3% ýokarlandy. Soňky bir ýylyň dowamynda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 88% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, BYD bazar kapitallaşdyrmasy boýunça häzir hem Tesla-dan ep-esli yzda galýar. Häzirki wagtda BYD 160 mlrd dollar bazar bahasyna eýe bolsa, Tesla-nyň bahasy 851 mlrd dollar bolup durýar. BYD soňky ýyllarda tiz ösüş gazandy. 2024-nji ýylda kompaniýa rekord derejede 4,2 million awtoulag satdy. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 41% köpdür. Kompaniýa şu ýyl 5-6 million awtoulag satmagy meýilleşdirýär. BYD diňe bir Hytaýda däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem önümçiligini artdyrýar. Kompaniýa Ýewropada we Latyn Amerikasynda täze zawodlary gurýar. 17-nji martda BYD elektromobiller üçin täze ultra-tiz zarýad beriş ulgamyny tanyşdyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir